Il we hil meselesi
Franklin Herbertiň äheňinde
Her bir millet, ösüp-örňäp,
deňiz, düzli, dagly bolar,
nirä barsyn, öz ösdüren
zürýadyna bagly bolar,
garaşly bor hile diňe,
sözlere däl, gözlere däl,
ýüzlere däl açyk, ýagty,
sanlara däl, mal-dünýä däl,
bolsa ýüzüň edýän ýagty,
sagdan, soldan getirilen,
hile bagly bolar ösüş,
ýa-de birden, kem-kem tesiş...
Eger gyssaň beter ili,
kanun diýip, kada diýip,
ýa aldasaň ony günde
uly ýola ýoda diýip,
şaýol diýip ýitjek ýoda,
goýbermeseň gitjek bolsa,
gitmejegi itseň yzdan,
uçjak bolsa ganat baglap,
ganatlaryn gyrsaň atyp,
ýaşar ýaly etseň halky,
işläp däl-de, özün satyp,
ýykylar il, millet bolmaz,
dikelmek kyn hilsiz, ýatyp...