Telper bolma
Telper bolma, uzak ýoly
geçmekmi ýa menzil möhüm
diýilende menzil diýip,
ýollar mekdep, ýöreseň kän,
dörediji, döreseň kän,
ýol ýoldaşy möhüm munda,
ýoldaşlygy möhüm dünýäň,
öýüňde-de, aýal bilen,
erkek bilen erkek ýaly,
ýol ýol bolar, daşy-da bar,
kä düşeler gyzyl haly,
nirelere alyp çykjak,
ýa-da badak salyp ýykjak,
telper bolma, boş gürrüňe
agzyň açyp, boş ýaşama,
bu ýol uzak, özüň aldap,
pikir etmän, hoş ýaşama,
saňa derek başga biri
kelle döwmez ýolda durup,
batga batma, läbik bolma,
her ýalpakda suwa urup.