Sakgal medeniýeti

Çarlz Bukowskiniň äheňinde

Bize mydam sylamaly diýdiler
ýaşy uly adamlary, edepli,
salyhatly salam berip duşanda,
diýenlerin diňlemeli, almaly
nesihat berseler, bolsa-da köne,
mundan öňem ýaramadyk hiç derde,
gönüläp söz diýmäň diýip ýüzüne,
tabşyrdylar gerek, gerek däl ýerde.

Bize mydam düşünmeli diýdiler
ulularyň diýjek bolýan zadyna,
hiç bir many bolmasa-da sözünde,
ýat tutulan ýat tutanlaň dilinden,
bolsa bolsun olar nireden gelýän
obadanmy, çetde, çopan goşunda,
ýa gowaça otap, ulalan oglan,
radio bolan okan mekdebi,
ýa merkezde, ýygnaklara gatnaşyp,
ýaşan pahyr "Prawdany" gujaklap,
ýa başgaça oýnap, könelen ýaşy,
olaryň ýalňyşy olarda galman,
ýitirilen ömür ýitmän ýitende,
näme üçin bize tarap akmaly,
soramaly däldik muny hiç haçan,
diýdirmejek bolsak obaň akmagy.

Bize mydam duýdurdylar ýa ýatda
saklar ýaly edip aýtdylar gowy,
öz görüşiň bolup biler, elbetde,
pikirlenip geliň diýse başlyklar,
aýt diýseler teklibiňi çekinmän,
aýdyp bolar synlap gartaň ýüzüni,
gözlerini iň esasy diňleýjiň,
görmedik hiç hatasyny özüniň...

Bize mydam gizlemeli diýdiler,
öz hakyky pikiriňi, ýaşuly,
gorkup ýaşan adamlary hormatlap,
gorkuzmazlyk üçin olary beter,
günäsi ýok pahyrlaryň, döwrüni,
dogjak wagtyn saýlap almaýar adam,
jenaýat däl bolmak başga pikirli,
ýa garramak gözüň açman jahanda,
mydama kän bile-göre dymýanlar,
gep hilde däl, belki, hoşlukda sandan,
bize mydam salam beriň diýdiler,
ak sakgally bolsa, geçseňiz ýandan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025