Surat

Azajyk adam

Ilki uzak akylyňa sygmaýar,
nädip diýip bolýar beýle sözleri,
gideniň yzyndan, başyn gutaryp,
eli ganly KGB-niň elinden,
diňe dogry sözün aýdany üçin,
galatdan, galplykdan gaýdany üçin,
ýok, bu ýol däl meniň ýolum, gitjek däl
diýen ogly nädip näletläp bolýar,
gargap bolýar onuň yzyndan üýşüp,
dogan bolup, dosty bolup bir zaman,
ýazyjysy bolup, şahyry bolup,
žurnalisti bolup ýurduň, ýykylan,
ilki uzak akylyňa sygmaýar,
bogýar gussa, syrtmak boýna dakylan,
agaç bolup görünýärler adamlar,
agyrýar ýüregiň, agyrýar kelläň,
soň görýärsiň olar nireden geldi,
näme üçin gitjek ýoly ýapyldy,
düşünýärsiň ýuwaş-ýuwaş halyna,
bir-birine salan bolýan alyna,
eşidýärsiň, getirýärler, berýärler,
sowgat ýaly, gymmat baha, aýyp däl,
diýýän, aýdýan sözlerini pyşyrdap,
arkasyndan, ýa ýüzüne, daşarda,
ýat illerde ýeke, ýaraly diýmän,
gatnaşaly diýmän, daýansa, dursa,
diňe gowy günün göreli diýmän,
esasy bar, ýa esassyz hiç hili,
pikirini etmän, agzyna gelse,
KGB-niň näletine goşulýan,
goşulasy gelýän köpelýän ýaly,
gaçar ýaly etjek tapylsa ada,
soň diýýärsiň saklanmaly bu ýoldan,
eger boljak bolsaň azajyk adam...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025