Buz oýny
Bagyşlajak borsuň, geçirjek borsuň,
deň bolmaýyn, işleşmeli diýersiň,
çykmaz çaňyň ýeke çapsaň atyňy,
ýa başga zat diýip, özüň iýersiň...
Yzda galdy gözel iliň, biçäre,
ýok diýersiň uzak wagtyň jahanda,
ili beýle günde goýup bilmersiň,
bagyşlap bilmersiň öz-özüň soňra,
beýle pursat gaýdyp gelmez hiç haçan,
iň bolmanda sözüň diýip durmasaň,
adyň bolar baky söweşden gaçan,
ýa bahana gözlän, durmaga derek,
ýumşak düşeginden turmaga derek,
ýatanlaryň biri bolmak aslyşan,
arsyz bilen deň bolmagy aňladar,
diýersiň, ýok, deň bolmaýyn, kast eden,
aýagyma kakan bolsa-da günde,
ýa ýalan ýylgyryp, uzakdan atyp,
ýykjak bolsa ýat illerde, sürgünde,
ildeşiň ol, babadaşyň diýersiň,
belki, gahar edip, ýürekde ýogy,
galat sözi dile alandyr pahyr,
deň bolmaýyn, pes bolsalar deňine,
aşagyna düşmän işim edeýin,
emma bir gün düşünersiň, peýda ýok,
dymdygyňça başa çykar batyrlar,
jaň etseň, gürleşseň, düşünmez dogry,
soň diýersiň bes edeýin buz oýnun,
ýyladýarka bäş gün ýüregiň howry.