Surat

Iýlip-içilen arzuw

Gurýan diýip hereket,
il-ulusyň adyndan,
öňe çykyp, ýürekde
ýok zatlary aýdanlar,
soňra çykyp ýurdundan,
göreş diýip gaýdanlar,
öň ogurlan, beg bolan
bosgunlardan gowy däl,
erbet bolsa niýetde,
dilinde bir, iş başga,
yzdan gelýän oglan, gyz,
uzak ýaşan ezýetde,
Güne gözi gamaşyp,
daň ýyldyzyn görmese,
biri gelip goşular
çärelere, baýdakly,
beýlekisi ýat ilde
gaçar göreş diýilse,
meger, günäň ulusy,
il arzuwy iýilse...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025