Adam ýüregi
Adam eli gyzyl gül,
adam dili gyzyl gül,
ýürek gowy bolanda,
eden işi halanar,
aýdan sözi halanar...
Adam gözi gyzyl gül,
adam ýüzi gyzyl gül,
ýürek gowy bolanda,
görenleri gowy bor,
murty bolsa, kirli däl,
öz-özünden towy boar.
Ýöne ýürek pes bolsa,
gara nebis eseler,
zulum müner atyna,
o birisi gadagan,
bu birisi tagmaly,
açyk aýdyp pikirin,
mertebesin gorasa,
jenaýatçy bolar il
adalaty sorasa,
hakykaty sorasa,
gazetlerde ýat bolan,
garaşylan ak bazar,
sowet gelip ýok bazar,
gyradeňlik, garyplyk,
eden-etdi emeldar
düşmez iliň boýnundan,
ejiz bolar hary-zar.