Adamlaram ýyldyz ýaly

Adamlaram ýyldyz ýaly,
gyzyl şapak gyzaranda,
daň ýyldyzy gözün gypar,
garaşarsyň, Gün ýaşanda
gözün gypar ýene-de ol,
ýöne giçlik ady başga,
daň ýyldyzy bolmadyk dek,
görünmez ol Güne ýakyn,
golaý gelse çenden, çakdan,
gözüň dikip, gözleseň-de,
dürbiň bilen kän aşakdan.

Adamlaram Wenera dek,
planeta ýaly käte,
hezil edýäň daşdan görüp,
bilýän ýaly içe girip,
gürrüňlerin diňleýärsiň,
käte göwnüň açýar olar,
käte ýapýar, gapy ýaly,
sarsyp gidýär diwarlaryň,
penjireler şakyrdaýar,
bir göreňde – daň ýyldyzy,
a soň agşam ýyldyzy dek,
bir görseň hiç göze ilmez,
ady düşmez ýadyňa-da,
soň bilersiň gaýdanyny,
ýöne derrew unudarsyň
muny kimiň aýdanyny.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025