Bölüjiniň strategiýasy

Olar halky aç edip,
näce uzak saklasa,
näce uzak entetse,
şonça gowy görýärler,
gaçar ýaly ysgyndan,
aşar ýaly aňkasy,
dargar ýaly deregi,
bilmän näme geregin,
eli degmän özüne,
äýnek alyp gözüne,
okamasa, görmese
bir-biregiň halyny,
düşünmese döwletiň
hilesine, alyna...

Begenýärler näçe il
bir-birini aldasa,
ýa aldasa öz-özün,
göge dikip gözlerin,
a soň çykman tamasy,
güzerany agralyp,
dert tapynyp içinden,
üzňe bolsa, ýat bolsa,
bolsa öýke-kineli,
arly bolsa, ahmyrdan
gana dolup garagy,
saýgarmasa ýoluny,
aňlamasa ýalňyşyn,
azaşanyn nirede,
biri diýse çukur bar,
gelip beter gahary,
diňlemese adamy,
olar gowy görýärler,
gatnaşmasa goňşular,
jemlenmese bir ýere,
çaý ýa kofe içmese,
soramasa, görmese
hassa bolan kärdeşin,
ýa ölende gelmese...

Olar gowy görýärler,
gitse adam obadan,
şäherinden aç bolup,
ýat illerde ýadasa,
ýa pul tapyp az-owlak,
berjek bolsa yzynda
kösenýäne gyssanmaç,
öňün alyp haýdan-haý,
talaýarlar, sebäbi
ynam dörär tirede,
umyt dörär taýpade,
birlik dörär kem-kemden,
millet bolar diýýärler,
birleşerler, bilerler,
düzederler ýalňyşy,
öwrenerler bilýänden,
birlik näme, güýç näme,
näme asyl çykalga,
erki ele alarlar,
döwlet bolar diýýärler.

Olar halky aç edip,
näçe uzak saklasa,
näçe etse gaharjaň,
näçe etse kineli,
näçe etse öýkeli,
döwüm çörek üstünde,
şonça edýär agzala,
ýa ynamsyz özüne,
ýumup açyk gözüni,
il utulýar diňlemän
içden gelýän sözüni.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025