Surat

Sowuklygyň sebäbi

Öz wagtynda çagasynyň
pikirini etmedik kän,
ýa-da eden başgaçarak,
ýetişmedik kän işine,
düşünip ýa düşünmezden,
geleňsizlik edip, belki,
ene üçin, ata üçin
sen hiç haçan jogapkär däl,
ýöne garan daşyň günde,
ters ýollara düşen bolsa,
işli bolsun, ýa-da işsiz,
ýa diplomly, okamadyk,
çünki olar ertir hökman
çaý-çöregin iýmek islär,
il deňinde geýmek islär,
münmek islär gurat ulag,
jaý gerek bor uly, kiçi,
bu bolmasa, öýkeli bor,
hiç ýylamaz iliň içi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025