Surat

Gülküsiz gülki

Käte özüň ýerden galdyrmak üçin,
aýak yzyn ýuwmak üçin ýüzüňiň,
duýmak üçin adam ýaly özüňi,
beýlekiler gülýän wagty gülmesiz
gülkülere tutmasa-da gülküsi,
gyzyklanan bolup bolgusyz gepi,
arasyny kesmän diňlände iller,
ýylgyrma-da arasyn böl gürrüňiň,
ýa turup git, zaýalaman sözüňi,
adam etmän edip boljak zatlary,
uzak ýyllar basgylaýar özüni.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025