
Durmuşyň manysy
Sen durmuşyň, ýaşaýyşyň
manysyny gözlemeli,
gaçyp sypjak bolman ondan,
içip, çekip, ýa zeýrenip,
oturmagyň peýdasy ýok,
çykalga däl hiç bir lezzet,
keýpi-sapa diýilýänler,
goluň çermäp, irmän, arman
çalyşmaly ýollarynda,
daş, kesegin aýryp gyra,
käte sowuk, käte yssy,
el-aýagyň edip ýara,
ynanmaýan, sylamaýan
adamlaryň bilen ygyp,
häsin berip her nadanyň,
wagt ýitirmek manydan däl,
alyp gaçmak özüň özüň,
ýele bermek aý-ýyllaryň,
ýummak, belki, açyk gözüň.