Adam mazmuny
Emil Zolanyň äheňinde
Bizem edil kitaplar dek,
köplük diňe jildimizi,
adymyzy görer, geçer,
biraz adam açyp görüp,
okar diňe girişimiz,
ýarpy-ýalta, barysyn däl,
ýöne köp bor ynanýanlar
tankytçylar tankytlasa,
ary alnyp berlen ýaly,
iki-ýeke bolar, dogry,
mazmunymyz bilýän, gülýän
ogry bolsak, diýip ogry.