Dil howpy

Sen hatarly ýola çyksaň,
ogurlygyň ýoluna däl,
egriligiň ýoluna däl,
ýoluna däl iki ýüzliň,
ýoly diýip dogry sözliň,
salyp başyň etegiňe,
towuk myhman ketegiňe,
ýa ýumurtga arzuwyňka,
ýoldaş bolan uzak ýolda,
özüm ýaly mysapyr-la,
ädi ýanan hile-aldan,
belki, dini, imany bar,
içden hudaý diýýär diýip,
bil baglanyň, ynananyň,
duşmany kän bolup bir gün,
ýykylanda gynananyň,
soň açylýar karty, Alla,
seniň heniz gazanmadyk
gazanjyňa gözün diken,
dilden gelse, ata-babaň
çukur gazman gömjek eken.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025