
Kellesiz goşgy
Kellesi boş, dilli adam,
uly-kiçä belli adam,
güýmenje bor kellesize,
özi ýaly, kändir ilde,
gürlär otyr wülli-wülli,
süňk bolmaýar, belli dilde,
gözlär, tapar süwümsizi,
şygyr-şygyr suwuň pese
inişi dek akar ýeser,
wagtym bolsa, ýazardym, wah,
bolardy bu gowy eser.