Aradaky haýat

Seniň bilen barýan ýeriň
arasynda haýat bolup,
demir haýat, agaçdan däl,
başga biri, keseki, ýat
durmaz uzak dowul salyp,
seniň özüň barkaň heniz,
saklaýarkaň özüň ýoldan,
eglenýäkäň günde turup,
göz öňüňde il-ulusyň,
nan ýerine gaýgy iýýän,
indi näme bolar diýýän,
çagyrýanlar haky günde,
gora diýip hökümetiň
soňy gelmez terroryndan,
aman diýip içi, belki,
işe giren girilmesiz,
göz öňüňde tanyşlaryň,
bile okan, bile ösen,
ýolda ýoldaş bolan ilki,
bolup bilmän özi, Alla,
geçir diýip ýalanymy,
talanymy ejizleri,
seniň bilen barýan ýeriň
arasynyň soňsuz şeri,
pikir etseň, gutarmajak,
hem ol näç gaýgy etseň,
kiçi bolmaz, bolar goçak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025