Surat

Uzyn we gysga dil jedeli

Onuň dili uzyn boldy,
baryp ýetdi patyşa-da,
gaty uzyn, kesilmeli,
başy bilen, boýny inçe
bolar ýaly beýlekiler
diýilermiş o bir ilde,
dogry sözi aýdýan dinli,
ýa imanly diýip birden
zalym şanyň garşysynda
sözüň aýtsaň, gorkan ili
gorkuzarsyň has-da beter
içindäki hederlerden...

Dinler başga, durmuş başga,
dymmak dessur, diýilse-de
dogry söz bor uly sogap,
ýa diýseler beýik doga,
aýtsaň diýip gerek ile,
görüp durup hakykaty,
durup bilmän, hemmä belli,
kanun, kada köpük bolar,
ykbal bolar elli-elli...

Ýöne onda, munda köplük
gul bolsa-da gorkusyndan,
gülen bolup, dünýe pany,
ýalançydyry diýip ýalan,
bolan bolsa aşakda däl,
öz ýanyndan göge galan,
uly, kiçi, ähli ilde
aýdan bolar, aýtjak bolar
ýürek sözün geljekde-de,
dogry, käsi aglar soňra,
arman galar güljekde-de,
sözün aýdan ölen güni,
dirilik ne, bilen güni...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025