Surat

Ýurt hasraty

Para beriň, kömek ediň
ýurduňyzy ýykýanlara,
para alyň, kömek ediň,
ýurduňyzy ýykýanlara,
ýalan sözläň, kömek ediň,
ýurduňyzy ýykýanlara,
hiç sözlemäň, kömek ediň,
ýurduňyzy ýykýanlara!

Kömek ediň geljegiňiz
ogurlaýan adamlara,
kömek etmäň çyny bilen
kömek edip ýadanlara,
a soňundan Alla, gora,
geç günämi diýip aglaň,
dileg ediň, arzuw ediň,
ýok bolmagyn ýoly baglan,
ili basan gara daglaň...

Kömek ediň nebisgula,
uly, kiçi, haýsy işde,
iman diýiň diňe pula,
sylag, hormat diňe güýçde,
zalym bolsa, diýiň jana,
samsyk bolsa, diýiň dana,
goý, ýurduňyz näme bolsa,
şony bolsun, gaýgy etmäň,
diýiň gözi aksyn berip
alyp bilmän geçýänleriň,
gaharyndan, kinesinden
arzan arak içýänleriň,
goý, çagasy okuw görmän,
diplom alman galsyn yzda,
aç bolsalar, gözlerini
doýursynlar gökde gazdan...

Para beriň, kömek ediň
ýurduňyzy ýykýanlara,
para alyň, kömek ediň,
ýurduňyzy ýykýanlara,
bolan bolup ugur tapan,
aýbyn açan däl ýurdunyň,
bolan bolup aýyp ýapan,
diýiň: Alla, geçirewer,
çäräm ýokdy, nälaç etdim,
hem özüňiz aldaň günde,
öňe barýar diýiň ilim,
ýurt içinde, ýa sürgünde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025