Bosgun betbagtçylygy
Adam ogly bu bir ýerden
o bir ýere baran wagty,
ol obaly, o şäherli,
ýa o ýurtly bolup bilmez,
bolup bilmez başga adam,
alyp barar öňküligin,
alyp barar özün diňe,
öz gözünden bakyp siňe,
synlap, baha kesip ile,
özi bilen alyp barar
pikirlerin, niýetlerin,
ölçeglerin, garyş, gulaç,
gowy bolsa, gowulygyn,
erbet bolsa, erbetligin,
oňa aňsat bolmaz alaç...
Adam başga bolup gelmez,
alyp geler özün diňe,
tämizligin bolsa, eger,
hapalygyn, hapa bolsa,
ýa pikirin eden şonuň,
müňkür bolar iň bolmanda,
durmuşyna onuň, munuň,
gybat edýän eder gybat,
töhmet atýan atar töhmet,
şyltak atýan şyltak atar,
adam satýan adam satar...
Dogry, käsi görer, synlar,
başga boljak bolar eger
birazajyk pikir etse,
üýtgäp bilse sähel-mähel,
seretjek bor başga gözden
ol özüne, diýer: Alla,
gora meni galat sözden!