Hökümet näme üçin gerek?
Hökümet ol adamlaryň
baýamagy üçin gerek,
hökümet bu adamlaryň
baýamagy üçin gerek,
basyp alyp hökümeti,
basar ýaly baý dälleriň
depesinden has aşaga,
aljyradar ýaly beter,
gerek däl ol howpsuzlygy,
rahady üçin iliň,
agyz suwy üçin tämiz,
arassalyk üçin ýurtda,
hökümet hor adamlaryň
hor bolmagy üçin gerek,
hem etmegi beter heder,
kanunlaryň işlemegi,
goramagy üçin däl-de,
adamlary bir-birinden,
dişlemegi üçin gerek,
ol aýlykdan bu aýlyga
zordan ýetýän aglasa-da,
ýalbarsa-da basylan il,
Alla diýip, göge bakyp,
ýüpsüz dardan asylan il,
dar agajyn alyp gelip,
men günäkär bu ýagdaýa,
diýer ýaly halyn bilip...