
Gowy pikir
Ynanç seniň diliňde däl,
ynam seniň ýüregiňde,
iman seniň işiňdedir,
seret öňe, seret siňe,
erbet pikir etme diňe,
herne bolsa, bähbit bolsun,
öz-özüňi salma dowla,
gyzyl Jeepli tanyşlaryň
hala gündiz, hala gije,
ýarag çekip gelmeseler,
şyltak atyp, töhmet atyp,
gandal urup el-aýaga,
dar jaýlara salmasalar,
soň ýüzüňe, ýa ýeňsäňden,
kärdeşleriň bilen he-he,
nätdik diýip gülmeseler,
gara pikir etme diňe,
hiç yza däl, seret öňe!
Sen ýolagçy, ýolagçy däl,
bezirgen däl, mala çapan,
ýaradyjy owal, başda
dörediji eden bolsa,
dörediji bolmalysyň,
dörediji galmalysyň,
ýaman pikir etme diňe,
ejizleme, aglama hiç,
her bir taýak, her bir kesek,
sapak bolar, bolar okuw,
çykar dogry netijäni,
öý işiň et gowy diňe,
ýagşy niýet ýoldaşyňdyr,
ynanç seniň diliňde däl,
ynam seniň ýüregiňde,
iman seniň işiňdedir,
gowy ýolda bolsaň hudaý,
huşuňdadyr, düýşüňdedir,
ýoldaş bolar gündiz, gije,
bermez eltip gara güýje,
gowy pikir et sen diňe,
hiç yza däl, seret öňe!