Gedemlik belasy

Bilimsizlik bela dälmiş,
bilýän üçin bilmeýänin,
agsaýanyn nirde, haçan,
nirelerde galandygyn,
ýa-da näçe eglenenin,
näçe ýyllap köplük bolup,
süri bolup ygyp yzda,
ýöremegiň ýalandygyn,
aýakda däl, diňe dyzda,
kösenenin bilýän üçin,
bilýän üçin gülünýänin,
aldyrmaýan bolsa özün
boş sözlere, garpyzlara,
gotugyna berlen, salnan,
bilimsizlik bela dälmiş,
bolsa-da kän öňi alnan,
dert dälmiş ol kaýyl däle,
oturmasa 'bilemok-da,
bilmerin hiç' diýmeýäne,
öwrenermiş bilmeýänler,
ýuwaş-ýuwaş isleseler,
ýöne bela, agyr bela
gedemlikmiş, gözüň gapýan,
kim bol ahyr, paltasy ýok,
gopbamlykmyş seni çapýan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025