Gürleňgüjük syýasaty
Hojalykda ulanar il,
gadagan et, ýa haýbat at,
bolmaz haýyr, gelmez peýda,
gazetleri, žurnallary,
kitaplary, alajy ýok,
başga derde ýaramasa,
şo bir ýerde ulanar il,
sowet döwri bolan puşman,
etme ony ýetim, ýesir,
uruş ýaly, bilip duşman,
alma aňyn, salma türmä,
berme diňe Lenin tomun,
Staliniň goşgularyn,
saýlasyn ol okajagyn,
ýazsyn, näme pikir etse,
gitsin, goýber başga ýurda,
açyk bolsaň, geler gitse,
ýapyk bolsaň, ýitirersiň,
bolma beýik gürleňgüjük
işiň etmän bitirersiň.