Düşünişmezlik
Oglan boldum, düşünmedim,
ýogsa kyrka golaýlapdym,
unut diýdi halkyň, meger,
ýada düşse, ýylgyr çala,
men hudaýa garşy gitdim,
ýene ele alyp galam,
ýogsa ýaşa diýdi daşda,
gemirmesin başyň ýalan,
diňlemedim, günde gaýdyp,
geldim oňa, gidip bilmän,
kitaplarym, satyn alan,
okamadym, sygman başa,
ýol öwrenmän, dil öwrenmän,
iş öwrenmän başga, artyk,
galamymy goýman elden,
ýazjak boldum ýananlarym,
ýok, gerek däl diýýärkä il,
öz islegi, öz erkine,
otsuz ýanyp, köýýärkä il,
men hudaýa garşy gitdim,
git diýende iliňden sen,
çykaranda ýat illere,
çagalarym bilen ýalňyz,
gije ýatman, geldim ýene,
çaga ýaly, aglan ene,
ata diýip ýykylanda,
dar agajyn gözlän ýaly,
boýna syrtmak dakylanda...