Aýralyk

Her gün irden, her gün agşam,
alajayň ýok başga meger,
sen ýatlarsyň öz ejeňi
sen ýatlarsyň öz kakaňy,
soň ejesin Baýramgülüň,
soň kakasyn, Han agany,
her gün irden, her agşam,
jigileriň ýatlarsyň sen,
agalaryň ýatlarsyň sen,
soň ýatlarsyň Baýramgülüň
jigilerin, agalaryn,
goňşularyň, obadaşlar,
bile okan oglanlaryň,
gyzlar geler göz öňüňe,
köpüsiniň ýüz keşbini
unudansyň, alajyň ýok,
saçlaryň ak, gaşlaryň ak,
iýip, içip islän zadyň,
islän zadyň geýip, gezip,
daglary gör, tokaýy gör,
gyşar deňiz kenarynda,
ýatlarsyň sen oba ýolun,
çykyp gaýdan, okuw diýip,
göz öňüňe geler ejeň,
göz öňüňe geler kakaň,
gözleriňden gaçar damja,
ýaňaklaryň ýaş edersiň,
alajyň ýok, sen olary
özüň bilen ýaşadarsyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025