Seniň jogapkärçiligiň
Bu täk seniň işiň, özüň
saramaly ýaralaryň,
duruzmaly ganyňy sen,
ganan bolsa, agşam ýuwup,
günäkäri, jogapkäri
tapjak bolup, gahar etmän,
kine etmän birlerinden,
goramaly özüňi sen,
bes etmeli gatnaşygy
ýaralaýan adam bilen,
garalaýan adam bilen,
geçirimli bolan bolup,
zyňmaly däl wagtyň çöpe,
halta salman ýa-da salyp,
bes etmeli başgalary
bilip, bilmän kemsitmegi,
ynjytmagy adamlary,
niýet edip, özi etdi,
men näme üçin gowy bolup,
çydamaly diýmän, bilip,
bu özüňe gerek seniň,
çünki derrew gidýäň gelip.