Edilmedik gürrüň
Edilmedik gürrüň açyk, gizlemän,
zerur gürrüň, gerek gürrüň her kime,
gybat diýlen, töhmet diýlen, belki-de,
ýa edilse, ýarpy ýolda taşlanan,
kesä çekip, alyp gaçyp milletiň
ertirini, birigünün öňünden,
edilmeli aladasyn etdirmän,
edilmeli gepin, sepini açýan,
aýyp ýaly, basyp aşak egninden,
oturdylan millet gutulmaz gepden,
çykan ýaly ýesirlikden birbada,
emma çykman çalar çyrmaşyk, çöpden...
Edilmedik gürrüň, çatak mesele,
çözülmedik, golaýyna gelinmän,
daşda durup, gorkup, ürküp, üýşenip,
çekilip, daşyndan aýlanyp geçip,
gazan ýaly, barsaň, ýokjak garasy,
ýene-de öňüňden çykar ertesi,
birigüni, soňkusy gün, çekilmez,
edilmedik gürrüň goýbermez seni,
sypaýylyk edip, göwnüne degmän,
ýa ýüzüne gelmän tanyş biriniň,
ikisiniň, üçüsiniň, tiräniň,
ýa taýpanyň, dymylmagyn isleýän,
edilmedik gürrüň açyk, ganaýan,
ulus-iliň melhem soran ýarasy...