Döwlet we para

Döwlet saňa para almak
rugsadyn berýän bolsa,
iş ýüzünde, kagyzda däl,
ýa-da bilip edýän işiň,
bilmezlige salýan bolsa,
bu iş bile edilýändir,
görnüp duran jähenneme,
gol tutuşyp gidilýändir...

Artyk görüp seni ilden,
almaz döwlet gowy işe,
gowy lukman gerek diýip,
gerek diýip düzüw hasap,
alar barlap, bilip kemiň,
kemçiliksiz adam ýasap,
professor eder seni,
eder seni uly şahyr,
ýa biznesmen etmez gorap,
egri işiň edip dogry,
tutýan ýoly bolsa başga,
sylap çekmez seň eliňden,
ýa-da gowy görüp ili,
öwer dilli lal edinip,
gully bolmak üçin sadyk,
dostuň däldir ýoluň bozýan,
ýa parahor edýän adyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025