Bir orda
Ýat illerde durmuş gurýan aýala,
öz ilinde işi, eklenji bolman,
daşa çykyp, aýralykda maşgala
galasyny gurýan naçara bakyp,
diýip bilýän iň ajysyn sözleriň,
haky ýokka ýeke harpyn aýtmaga,
üstesine para alýan diplmat,
güwänama berýän diýip gerekli,
tötänlik däl, netijesi döwletiň
bar işiniň otuz ýyllap bitiren,
şonuň üçin, belki, olar erkegi,
neşe bilen, türme bilen ýitiren,
'ata' diýip aç ýetime ölýänçä,
kürsüsini gana boýap oturan,
a soň işsizligi ekip, suwaryp,
bagy-bossan diýen çolaran ýurda,
döwlet bilen diplomatlar dogandyr,
ýa ýaragly, ýa ýaragsyz, bir orda.