Saklaýan zat
Biz bu gün däl, ertir nirde,
niçik halda boljagymyz,
galjagymyz pikir etsek,
goýup yzda aýakgapsyz,
ýa ýarym aç çagalygy,
okuw döwrün, okalmadyk
kitaplary ýatda saklap,
ýatda saklap saklan zady,
yzda goýsak öýkeleri,
kineleri, galan uzak,
eglän uzak ýolumyzdan,
neneň gowy bordy, emma
günkäri gözleýäris,
başga ýerden, daşdan mydam,
içimizde otyrka ol,
beteri bar, otur diýip,
umydymyz basyp aşak,
ynanjyymyz basyp aşak,
hem sowadyp eli işden,
bilýäs muny görüp, ýaşap.