Tanyş jyn

Mesele seň bilýäniňde,
salýanyňda bilmezlige
meseläniň özenini,
näme üçin onda biri
ezip bilýär soňsuz birin,
munda biri dymýar agyr,
bile-göre bolýan işi,
hem goldaýar iş ýüzünde
zorluk, sütem, kemsitmäni,
hereketli, hereketsiz
o biriniň urulmagy,
gyrylmagy başgalaryň
öz-özünden bolmady hiç,
aýdylanda, diýilende,
bolmasa-da ýarag ýa güýç,
ezijiler çekinýärler,
üýşenýärler garaňkyda,
zyndanlarda edýän işi
açyk ýere çykan ýaly,
saçakçy dek, çyra ýaksaň,
harap bolýar hanyň haly,
gan damsa-da gylyjyndan,
mesele seň gorkýanyňda
çüýşedäki tanyş jyndan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025