Adamyň dini
Jafar al-Sadygyň äheňinde
Sen adamyň din-imanyn,
ynanjyny biljek bolsaň,
sanama-da namazyny,
bäş wagtyna okaýan bek,
ýa Oraza aýy gelip,
agyz bekläp uzakly gün,
aladaňdan Alla diýip,
hüwi ýaly tagat çekse,
sanama-da sogabyny,
seret onuň adamlara,
uly, kiçi, garyp ýa baý,
daraşyna ýumşak, ýowuz,
biljek bolsaň sen adamy,
doly seret, görme gowuz.