Surat

Saglyk dile

Hudaý seni ýeke goýsa,
doganlaryň barka ýetik,
doganoglan barka ýetik,
çykan barka, ýegen barka,
dost diýlenler, pikirdeşler,
gije-gündiz gatnaýarka,
börek bolsa, arak bolsa,
emma birden dolan aýyň
nury gaçsa, ýüzi solsa,
hudaý seni ýeke goýsa,
çagalaryň bilen galsaň,
ýat illerde daşyň garap,
bir hasaby bardyr onuň,
saglyk dile, etmez harap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025