Adam bolsaň
Adam bolsaň, boljak bolsaň iň bolman,
depä çykyp, depesinden basmasaň,
ýa almasaň göz oduny başgaça,
ölüşiňe görä gömüşim diýip,
kemsitmeseň, kemin aýdyp ýüzüne,
iň bolmanda diliň bilen, ýaralap,
äsgermedik bolan bolýan kän bolar,
ýa ýok etjek, ak niýetiň garalap.