Il meselesi
Adamlary çilim ýaly,
filtrli ýa filtri ýok,
çeker döwlet içe sorup,
dodagyna çenli ataş,
howur bolup ýapyşýança,
öz düşünje, pikirini,
ynanjyny taşlan köplük,
bil baglasa bir başlyga,
bu gün ynsap geler diýip,
geler diýip ertir ynsap,
soňy gelmez gaýgy-gamyň,
il derýada öler suwsap.