Nadylyň portreti
Seniň eliň işden sowuk,
ýüregiňi ilden sowuk
eder käte dar adamlar,
gulak assaň, dar düşünme,
o pidalar bir seniň däl,
iliniň-de duşmanydyr,
etjek bolman, belki, zyýan,
duşmanydyr özüniň-de,
çagalykda, ýesir bolup,
mähir ýetmän galan ýaly,
baran ýeri ýalan, talaň,
gyrp-çyrp edip ýaşasa-da,
köpelmedik maly, haly
beterleşip, iýip bilmän,
gazananyn az göreni
gördüm ol gün, duşdy ýolda,
durup, için dökdi pahyr,
ýaşan ýaşy kyn, hyllalla,
gowy güni bolmadyk dek,
zeýrenç bilen, ýaman endik,
bütin ömrün weýran edip,
nadyllygy galdy ýatda,
galan ýeri, bilmän gidip.