Surat

Berlen erk

Aşak, aşak, aşak otur,
käte ýeňsäň gaşap otur,
sesiň çyksa, erbet bolar,
demiň alma, gagşap otur...

Ygtyýaryň berseň arzan,
ýa mugtuna adamlara,
wezipeli, wezipesiz,
baý ýa garyp, ýa ortalyk,
olar seniň güýç-kuwwatyň,
pikir-oýuň ele alar,
hem öwreder gulak assaň,
ýigrenmegi bu dünýäni,
tanamaýan adamlaryň,
soň sen bolup bilmän özüň,
ýaşamaly borsuň garyp.

Durmuş çäre bolar saňa,
gatnamaly irmän, arman,
seniň ömrüň ömür bolmaz,
bolar diňe soňsuz arman.

O sahnada aýdym aýdýan,
ýa tans edýän, görnüşi dek
bagtly dädlir, ynanma hiç,
ýa münberde gürleýänler,
näme diýsin öwüp hany,
duýýan däldir özün dana,
ýa kuwwatly ýeke galsa,
aglaýandyr olar bilse,
diýip bir gün azat bolsam.

Dymýan ýa-da ne özüne,
ne iline ynanýanlar
öz erkini ogurladan,
eltip beren adamlardyr,
haly ýaly, maly ýaly,
nätjek, durmuş şeýle diýip,
ynanjyny öz-özüne
gerek bolup satan bir gün,
soň seretse özi ýokdur,
ýokdur asla Watan bir gün,
ýokdur ili, ildeşleri,
ýa bolsa-da, ygtyýarsyz,
özi ýoga näme etsin,
kime näme kim nirede,
näme iýip, içip ýitsin?

Aşak, aşak, aşak otur,
käte ýeňsäň gaşap otur,
sesiň çyksa, erbet bolar,
demiň alma, gagşap otur...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025