Gözdäki kemçilik
Ol tejenli şortany,
şalygynda kemsitmäň,
gülüp çörek gazanýan,
öz üstünden, belki-de,
ýa aglaýan içinden,
ýagdaýyna düşünse,
ýansa iliň halyna,
tanamazdym hiç haçan,
götermäýin günäsin,
kim nä günde eklenýär,
ýüzün, sözün ýuwjak däl,
aklawçysy däl kimsäň,
ýöne biri ýat ilde,
"Eh-eý, seniň ildeşiň,
obadaşyň eken-ä!'' -
diýip adyn tutdy-da,
gülen bolup üstünden,
bilim galdym ýerligin,
hem tanadym tanşymy,
çak etmezdim öň, ozal
nämedigin bilmezdim,
gören bolsam göz kemin,
ýürek kemin, nä biljek,
golaýyna gelmezdim.