Kazy dost
Sen sanama kesekiniň puluny,
kiçi bolsa, diýme jaýyna küme,
uly bolsa, osma özüňe diňe,
utandyrjak bolma bilmän işini,
ömür beren, başartmaýan her kime,
özüňde ýok zadyň gürrüňin edip,
bilinmeýän ýaly nirede näme,
wagt ýitirme gyjan bolup dişiňi...
Eger adam, ogurlaman bir ýerden,
basyp alman, gul ýa gyrnak edinmän,
irden işe gidip, agşam dolanyp,
bir gün geljek algylydan gaçmasa,
içip, çekip, bar gününde başagaý,
ýok gününde aglap, aýbyn açmasa,
aslyşmasa oňa, muňa zat diýip,
özün öwüp, ýerde goýmaň, dat diýip,
pitçiň atma, güler özün sylaýan,
halas etmez bu gürrüňler ýüzüňi,
birçak galan gyzarmadan, solmadan,
irmediňmi, armadyňmy, kazy dost,
aýlyk alman, garalawçy bolmadan?