Baş syýasat

Sen almaly, ýolmaly,
iň esasy syýasat,
iň esasy pelsepe,
ýetimbaşy görkezdi,
wah, görgüdi göreni
uruşdan soň, ýaşlykda
sapak aldy durmuşdan,
sen almaly, ýolmaly,
goparmaly bar ýerden,
garyp başy gowgada,
gül ömri köýer şerde,
sen almaly, döwletiň
işi pula satylýar,
döwlet üçin däl döwlet,
adam üçin, almaly,
goparmaly döwletiň
agaç, demir, bar zadyn,
berim berseň bermelä,
tutjak tapylmaz adyň,
sen almaly esasy,
goparmaly adamdan,
pikir etmän soňuny,
goý, olaram goparsyn,
opursynlar ülkäni,
bu däl bu gün, ertäniň
edehedi, ýodasy,
asyrlyk ýol, belki-de,
biri diniň adyndan,
biri adyndan başgaň,
ýokarkyny görkezip,
opurmaly, almaly,
ýogsa çöpe bulaşyp,
mal ýatakda galmaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025