Halk isleýär batgany
Halk isleýär çukury,
ýykylmaga, gaçmaga,
soň ýatmaga içinde,
çykyp bilmän, elbetde,
diýmek dogry bolarmy,
ýa bolarmy bu gürrüň
pida etmek pidany,
şadan gorkup öler dek,
köteklemek gedany?..
Onda neden aglaba,
okajagy basgylap,
garyp bolsa ýerligi,
ikilikçi çagasyn
öňe itdi köp adam,
barly bolup, beg bolup,
bulap dury suwlary,
balyk tutdy köp adam,
ýadamady, armady,
edip bilmedi toba,
halk isleýär batgany,
diýmek dogry bolarmy,
çykmaz ýaly yzyna,
galdyrmaýar birleşip,
galjaklary dyzyna?..
Ýykdy özün jemagat,
iň ýokardan aşaga,
kowalaşyp salgyma,
heläkçilik ýolunda,
hilesinde, alynda
ýaryşýana meňzeýär,
ýa ýalňyşmy bu gürrüň,
aýdylşy dek gazetde,
gül ýalymy hemme zat,
çukur ýokmy hiç hili,
onda neden gaçan kän,
terk edip ýurdy, ili?..