Döwletiň adam syrtmagy
Döwlet ili agyrtmazdan öňürti,
garyp-gasar hala salyp, entedip,
daşyna üýşürýär edýän işlerin
edilmeli işler ýaly görkezýän,
ýagny ýaman işe ýagşylyk diýýän,
terslik bolsa, dürslük diýýän süplügi,
döwlet ili asmazdan öň daryndan,
adam işip, taýýar edýär ýüplügi.