Adam bolsaň
Asla günä, ýalňyş etmän bolmaýar,
perişde däl, adam bolsaň kyn ýerde,
bolmasy kyn dünýä gelip mukaddes,
hatda başyň goýsaň adamzat üçin,
aýbyň gözlän, tapan, eger az görse,
ýüreginden alyp, garasyn sürten,
gaýgy etme, azlyk etmez hiç haçan,
ýöne adalatly bolmaly adam,
aşak düşmän saklanmaly, öňýeten
çekjek bolsa, bilip çenin, çakyny,
az etmeli günä işi, alaçsyz,
aýlyk ýaly, alyp şerden hakyny.