
Özüňi bagyşlaňda
Sen özüňi bagyşlaňda,
geçireňde ähli hataň,
diňe bolman uly adam,
adam görseň gaçýan ýadap,
akyldar hem bolarmyşyň,
soň bagyşlap başgalary,
hassa bolsa iň ýigrenji,
soramaga gelermişiň,
soň gaýdyşyn, ýolda durup,
ilki ähli uly adam
adam ýaly bolar diýip,
ogurlamaz il malyny,
ýa-da sorap alar diýip,
pikir eden günleriňe
däli ýaly gülermişiň.