Surat

Ogurlama hassaň aşyn

Eger ýurduň hassa bolsa,
agyr hassa, ençeme ýyl,
dermanyny gözlemeseň,
goşulmasaň gözleýäne,
oňa derek, daşa durup,
gülen bolsaň enteýäne,
meger, ýurtdan beter hassa,
dok ölýärsiň, aç ölýärsiň,
ýok bolýarsyň assa-assa,
wagtyndan öň, ýaşaýyşyň
ýaşaýyş däl, bilýärsiň sen,
düşünýäriň köp zatlara,
ýöne düşünmedik bolýaň,
gahar eden bolup käte,
gargaýarsyň em gözläne,
halas etjek ýaly nälet,
goramasaň, goran bolsaň,
soramasaň, soran bolsaň,
hassa haly gowulaşmaz,
dermanyny getirmeseň,
halas etmez ýurduň seni,
başujynda oturmasaň,
sypamasaň agyr başyn,
ýat bolmasaň ýurda, ile,
ogurlama hassaň aşyn!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025