Surat

Döwlet ili bozýan bolsa

Döwlet ili bölýän bolsa,
wezipeli, wezipesiz,
aç, doklara, öýli, öýsüz,
basylana üç arkasy,
basanlara ýedi arka,
bolşwikden bäri sürýän,
at üstünden düşmedik hiç,
ikýüzli emeldarlar
dyza çöküp, baýdak öpse,
baýdagy däl, başga zady,
maly, puly öpýändirler,
dogry düşün, agyr günde
baýdak saňa çörek bolmaz,
ýa-da garnyň doýmaz näçe
diňle gimn diýilýäni,
çörek bermez TW saňa,
garnyň doýmaz gazetlerden,
ýa ýazyjy, şahyrlardan,
žurnalistden, küşgürilse,
hüjüm edýän dogry sözlä,
çekilme sen urulýandan,
sögülýänden, dönük diýip,
bir-birege müňkür bolma,
ýeke galma il-gün bolup,
il içinde, il daşynda,
goramaz ol seni ertir,
baýdak ýaly, gimn ýaly,
ýa-da millet, tire-taýpa,
raýdaşlyk ýok ýerinde,
boş gürrüňdir, degmez ýapa,
bir-biregi gözle, gaçma,
depileni depme bolman,
tohum ýaly, jübä salnan,
agzalalyk sepme bolman,
ekme ertir ormajagyň,
dogry sözün aýtjak bolup,
ölen özi üçin ölmez,
gaçan gaçmaz özi üçin,
çagalaryn arka alyp,
begenme ol aglan güni,
düşün, ol däl, sen depilýäň,
sen gapylýaň ol gapylsa,
her kim bussa öz öýünde,
ýalňyzlygy duşman bolar,
döwlet ili bozýan bolsa,
irde-giçde puşman bolar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025