Surat

Lex iniusta non est lex

Adalatsyz kanun kanun däl asla,
hukuk fakultetin gutaran oglan,
gyzlar bilýär, eşidendir iň bolman,
ýöne okan, diplom alan adalat
esgeri däl, malyň esgeri bolup,
ýuwaş-ýuwaş, ýa-da birden, kösenmän,
elinden çekilip, ýokaryk galyp,
saňa adalaty getirip bermez,
onuň işi bolmaz adalat bilen,
görmelisin görer, bolmasa – görmez,
olar alar alyp bolýan zatlary,
janyňa çen, iki şaýy ýasasa,
sen ynanma hukuk goraýan diýse,
hassa eder zamananyň hassasy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025