
Sowet däbi
Unutma sen sowet däbin,
başlyk gülse, gülüp ýykyl,
ýa ýylgyrsa, jakgyl-jakgyl,
hahahaýla, durup bilmän,
aýlygym az diýme ondan,
bolsa-bolsun kitabyň kän,
oň TW-si uly örän,
ýa-da onuň ogul-gyzy
has ullakan başlyk bolar,
çünki okap, azap etmän,
doga öňden görýär olar,
unutma sen bolşewigi,
adam etdim diýen seni,
adam däldiň, bilýärsiň-ä,
başlyk gaşyn çytsa agla,
ýa ýaş gelse gözlerine,
möňňür, ses et, sowet däbin
unutma sen nirde bolsaň,
azdrysa-da azan gäbiň.