
At we hakykat
Dogjak ýeriň, dogjak wagtyň
saňa bagly däldir, uruş
gutarsa-da, başlansa-da,
ýesir bolsa iller gowga,
garyplyga, çörek atly,
ne ili, ne özüň ýigren,
aýna bakyp, pişik bolsaň,
arslan ýaly, bol haýbatly,
galdyr özüň, eneň, ataň,
kömek eder diýip, belki,
Gurt adyny dakan bolsa,
ýa ogluňa, has guwanyp,
şir Alynyň adyn berseň,
ýöne soňra sakla işdäň,
pişik bolma syçan görseň.