Sütem sapagy

Il-günüň, milletiň dymmagy ussat
gülleder sütemi sütemkär bilen,
sen sülçi däl, sorag edýän taýakly,
şükür et, hiç kimiň çekmediň dilin,
öz-özüni, başga birin, bigünä,
satar ýaly başyn gutarmak üçin,
görmek üçin çagalaryn ýene-de,
dymýan millet dymyp gezmez elmydam,
ilki gybat eder, bolşuny aýdyp,
soň üstüne goşar, hakykat aýdym,
oda däldir, şa, gedaýa satylýan,
bu gün gara diwarlary galdyrýan,
bolup biler ertir birden atylýan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025